Belarus Respublikasynyň turizm brendini saýlamak boýunça ses berlişik yglan edild. Jemleýji tapgyra çykan 20 sany taslamanyň arasyndan ýurdy tapawutlandyrýan şygar hem-de logotip saýlanar diýip, «news.by» habar berdi. Bäsleşige taslamalar birnäçe aýyň dowamynda kabul edildi, netijede, olaryň sany 1,5 müňe ýetdi. Jemleýji tapgyra çykan işlerde belarus topragyna mahsus bolan leglekler, wasilka gülleri we kagyz keşdeli egin-eşik bezegleri bar. Onlaýn ses berlişik netijesinde bäsleşigiň ýeňijisiniň ady 25-nji dekabrda yglan ediler.