25-nji noýabrda Katar Döwletine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýgulyýew Kataryň Baş gümrük müdirliginiň başlygy Ahmed bin Abdullah Al Jamal bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy ýurtda daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, eksport-import amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we milli gümrük ulgamyny halkara standartlara laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumat berdi. Söhbetdeşler gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmäge, hünär tejribesini alyşmaga, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we söwda amallarynyň çaltlygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermek bilen, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda gümrük ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama iki ýurduň arasyndaky pudaklaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin berk binýat döredýär.