Hytaý dolandyrylýan «Şençžou-24» älem gämisini özüniň «Týangun» kosmos bekedine uçurdy, onda üç kosmonawt bolup, biri pakistanly hünärmendir diýip, «Belta.by» habar berdi. Kosmos gämisiniň uçurylyşy ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Szýusýuan kosmodromyndan «Çabçžen-2F» (Long March-2F) göteriji raketa arkaly amala aşyryldy. Gäminiň bortunda uçuşyň serkerdesi we uçarman Tan Hunbo, bort inženeri U I hem-de pakistanly Muhammad Zişan Ali bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→