Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy liganyň we Talyplar ligasynyň ýygyndy toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyklar 25–26-njy noýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi. Duşuşyklar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda geçiriler. Oýunlar ýerli wagt bilen sagat 19:00-da başlanar. Ýurdumyzda ilkinji gezek iki liganyň ýygyndy toparlary özara duşuşarlar. Oýunlara giriş mugt bolup, guramaçylar futbol janköýerlerini stadionyň münberlerinde duşuşyklara tomaşa etmäge çagyrýarlar. Mundan ozal futzal boýunça Naýbaşy liganyň nobatdaky möwsümi tamamlandy. Ýaryşyň altyn medallaryna «Köpetdag» topary mynasyp boldy. «Migrasiýa» topary kümüş, «Deňizçi» topary bolsa bürünç medallary eýeledi. Möwsümiň iň gowy oýunçysy diýlip «Köpetdag» toparynyň kapitany Gurbangeldi Sähedow yglan edildi. Futzal boýunça Talyplar ligasy şu ýyl ilkinji gezek geçirilen täze ýaryşdyr. Bu liganyň döredilmegi talyplaryň arasynda futzaly ösdürmäge, zehinli ýaş türgenleri ýüze çykarmaga we goldamaga, şeýle hem ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmäge gönükdirilendir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→