26-njy noýabrda Türkmenistanyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kamera orkestri dirižýor Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäherinde «Serhetsiz saz» atly baýramçylyk konsertini berer. Konsert Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp, dürli ýurtlaryň we halklaryň aýdym-saz däplerini özünde jemlär. Konsertiň maksatnamasy diňleýjileri saz älemine özboluşly syýahata alyp gider. Onda belarus we özbek halk sazlaryndan başlap, türkmen kompozitorlarynyň eserlerine, gruzin we grek saz owazlaryndan başlap, dünýä belli aýdym-sazlara hem-de kinofilmlerden meşhur mukamlara çenli dürli eserler ýerine ýetiriler. Başlanýan wagty: 18:00. Geçirilýän ýeri: Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→