Düýn Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň bilen Hytaýyň bilelikdäki başlyklyk etmeginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Bu çäre Bütindünýä durnukly ulag gününe, BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň (2026–2035-nji ýyllar) durmuşa geçirilip başlanmagynyň birinji ýylyna hem-de BMG-niň Durnukly ulag boýunça ilkinji Ählumumy maslahatynyň on ýyllygyna bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Nýu-Ýorkdaky Hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Türkmen tarapy BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny 2024–2034-nji ýyllar üçin Awaza Hereketler maksatnamasy bilen iş ýüzünde utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Bu meselede Türkmenistanyň 2027–2028-nji ýyllarda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparyna başlyklyk etjekdigi hem nazara alyndy. Şeýle hem Türkmenistanyň we Awstriýanyň utgaşdyrmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ikinji komitetinde Awaza Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine degişli kararnamanyň taslamasy boýunça gepleşikleriň tamamlanandygy bellenildi. Mejlisiň iş ýüzündäki netijeleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan taýýarlanan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ýöriteleşdirilen internet saýty işe girizildi. Şeýle hem çärä gatnaşyjylara Durnukly ulag atlasy taslamasynyň nusgasy bilen tanyşdyryldy. Mejlise gatnaşyjylar döwletleriň we hyzmatdaşlaryň teklipleriniň esasynda toparyň 2027-nji ýyl üçin Ýol kartasyny taýýarlamak boýunça geljekki işleriň ugurlaryny kesgitlediler. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki sessiýasynyň dowamynda toparyň ilkinji gezek Ikinji komitetde bilelikdäki beýannama bilen çykyş edendigi bellenildi.