Amerikanyň Pensilwaniýa ştatynda 2026-njy ýylyň başyndan bäri gyzamykdan dokuz adam öldi diýip, «Ria.ru» habar berdi. Soňky hepdede ştatda kesel ýokuşanlaryň 80-si hasaba alyndy, ýylyň başyndan bäri gyzamyk degenleriň sany 1,6 müň adamdan geçdi. Olaryň üçden bir bölegine golaýy kämillik ýaşyna ýetmediklerdir. 300-den gowrak keselli hassahana ýerleşdirildi. Geçen hepdede Sentre okrugynda bir adam keselden aradan çykdy. Pensilwaniýa ABŞ-da gyzamygyň iň köp hasaba alnan ştatydyr. Kesel şeýle hem 45 ştatda, şol sanda Kolumbiýa paýtagt okrugynda we Nýu-Ýorkda ýüze çykaryldy.