Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Ersaýyn Nagaspaýewiň Respublikanyň senagat we gurluşyk ministri wezipesinden boşadylýandygy barada permana gol çekdi. Bu barada döwlet Baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanýan TASS agentligi habar berdi. Permanyň sebäpleri we kimiň ministriň wezipesine belleniljekdigi habar berilmeýär. Bu ýurtda bir palataly parlamente (Gurultaý) saýlawlardan bäri täze Ministrler Kabinetiniň düzüminde üçünji ministriň wezipesinden boşadylmagydyr. Sentýabryň ahyrynda ýurduň goranmak, ulag ministrleri wezipesinden çetleşdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→