Marokkonyň Hökümeti tebigaty dolandyrmagy öz eline almakçy. Bu barada «La Razon» ispan gazeti ýazýar. Patyşalygyň Afrikanyň demirgazygynda ýerleşýän Baş meteorologiýa edarasy iki sany döwlet tenderini yglan etmek bilen, emeli ygal ýagdyrmak mümkinçiligini giňeltmekligi meýilleşdirýär. Gürrüň ygal ýagmagyna ýardam edýän reagentleri asmana pürküji enjamlar barada barýar. Bu usulyň täsirliligi amatly howa şertlerine baglydyr. Marokko bu usuly eýýämden işjeň ulanýar. Marokko satyn alynjak täze enjamlary ýurduň alty sebitinde: Azizalda, El-Hajebde, Sefruda, Uazzanda we Henifrada, şeýle hem Kasablankadaky Haý-Hassani prefekturasynda oturtmakçy. Taslamanyň umumy bahasy 9,1516 dirhem (880 müň ýewro) bahalanýar.