Dokuz ýaşly türkmen tennisçisi Alyhan Nurýagdyýew «TEN-PRO Global Junior Tour» halkara ýaryşynyň kümüş medalynyň eýesi boldy. Ýaryş 16–22-nji noýabr aralygynda Ispaniýanyň Malýorka adasyndaky Manakor şäherinde dünýäniň ozalky birinji raketkasy Rafael Nadalyň tennis akademiýasynda geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär. Alyhan 10 ýaşa çenli oglanlaryň (U10) arasynda geçirilen ýaryşda çykyş etdi. Toprakly kortlarda baş baýrak ugrunda 16 ýurtdan gelen 20 türgen bäsleşdi. Türkmen tennisçisi finala çenli geçirilen duşuşyklaryň hiç bir setde utulman, ynamly çykyş etdi. Ol 1/8 finalda Koreýa Respublikasynyň wekili Ýunho Sony 6:2, 6:1 hasabynda, çärýek finalda bolgariýaly Nikolaý Awramowy 6:1, 6:0 hasabynda, ýarym finalda bolsa türkiýeli Jan Rauf Tunçy 6:0, 6:2 hasabynda ýeňdi. Üç setden ybarat bolan final duşuşygynda Alyhan litwaly Kristupas Klowasdan 4:6, 6:4, 3:6 hasabynda ýeňildi we ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Manakor şäherinde geçirilen ýaryşa 2010–2017-nji ýyllarda doglan oglanlar we gyzlar ýaş aýratynlyklary boýunça ýedi topara bölünip, gatnaşdylar. Bu tapgyr Ýewropanyň, Afrikanyň, Awstraliýanyň, ABŞ-nyň we Ýakyn Gündogaryň öňdebaryjy tennis merkezlerinde her ýyl geçirilýän «TEN-PRO Global Junior Tour» täjirçilik ýaryşlarynyň tapgyrlarynyň biridir. Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, her bir gatnaşyja öz ýaş toparynda azyndan dört duşuşyk geçirmek kepillendirilýär. Eger türgen özünden bir ýaş uly türgenleriň toparynda hem çykyş etmek üçin hasaba alnan bolsa, onda ol bir hepdäniň dowamynda azyndan sekiz duşuşyk geçirýär. Ýaryşlaryň ähli netijeleri Ählumumy tennis reýtinginiň (UTR) hasabyna goşulýar. Tapgyrlaryň jemleri boýunça bolsa «TEN-PRO» umumy reýtingi düzülýär. Reýtingde öňdäki orunlary eýeleýän türgenlere hemaýatkärleriň sport lybaslary ýa-da Nadalyň akademiýasynda bir hepdelik mugt türgenleşik geçmek mümkinçiligi berilýär. 2026-njy ýylyň maý aýynda Gazagystanda geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» tapgyrynyň iki halkara ýaryşynda sekiz ýaşly Alyhan ýekelikde we jübütleýin görnüşlerde jemi dört medal — üç altyn we bir bürünç medal gazandy. Alyhan Nurýagdyýew A. S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki umumybilim berýän orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysydyr. Ol okuwyny tennis türgenleşikleri we daşary ýurtlara amala aşyrýan sport saparlary bilen utgaşdyrýar. Ýaş tennisçi Alyhan Nurýagdyýewe Ýuriý Rogusskiý tälim berýär.