Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän himiýa dersi boýunça V halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy. Halkara olimpiada Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşýarlar. Olimpiada halkara ülňülerine laýyklykda, şahsy we toparlaýyn görnüşde A we B derejede geçirilip, oňa ýurduň ylym-bilim edaralarynyň professor-mugallymlary, alymlary, hünärmenleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlary eminlik edip, Ýaponiýanyň alymlary synçy hökmünde gatnaşýarlar. Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden wekili, 2025-nji ýylda geçirilen IV halkara olimpiadada baýrakly orunlara mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň Kazan (Wolga) Federal uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Maşaddaky Ferdöwsi uniwersitetiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-günbatar uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasy Buhara döwlet tehniki uniwersitetiniň talyplary çykyş etdiler. Dabarada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar, dutarçylar, sazandalar, folklor we «Diýar» tans toparlary tarapyndan aýdymlardyr sazlar ýerine ýetirildi. Russiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Rumyniýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Eýranyň, Özbegistanyň aýdymlaryndan we tanslaryndan ýerine ýetirilen parçalar hem-de türkmen halkynyň milli küştdepdi tansy dabarada gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy. Ýeri gelende bellesek, himiýa boýunça V halkara olimpiada Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinden; Kazan (Wolga) Federal uniwersitetinden, Nowosibirsk milli gözleg döwlet uniwersitetinden, Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetinden, Merkezi uniwersitetden, Moskwa fiziko-tehniki institutyndan, P.Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetinden; Rumyniýanyň Ploieşti nebit we gaz uniwersitetinden, Hytaý Halk Respublikasyndan Demirgazyk-günbatar uniwersitetinden, Hytaýyň Pekindäki nebit uniwersitetinden; Gazagystan Respublikasyndan L.N.Gumilýew adyndaky Milli Ýewraziýa uniwersitetiden, Halkara Astana uniwersitetinden, Abaý adyndaky Gazak Milli mugallymçylyk uniwersitetinden; Belarus Respublikasyndan Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinden; Eýran Yslam Respublikasyndan Bojnordaky Azad Yslam uniwersitetinden, Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetinden, Bojnorddaky Kosar uniwersitetinden; Özbegistan Respublikasyndan Buhara döwlet tehniki uniwersitetinden, Buhara döwlet uniwersitetinden, Daşkent döwlet agrar uniwersitetinden, Halkara Aziýa uniwersitetinden talyplar gatnaşýarlar.