Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landauwy kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi we ABŞ-nyň Türkmenistan bilen deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şeýle hem pursatdan peýdalanyp, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Donald Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Döwlet sekretarynyň orunbasarynyň ýurda amala aşyrýan bu saparynyň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, myhmanyň gepleşikleriniň netijeli we saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Myhman geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-da Prezident Donald Tramp bilen duşuşygynyň ähmiýetini belläp, duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň häzirki wagtda oňyn netijeleri berýändigini aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Kristofer Landau türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→