«Disney» kompaniýasy meşhur animasion tapgyryň altynjy bölüminiň – «Buz döwri 6: Gaýnama nokady» (Ice Age: Boiling Point) multfilminiň doly treýlerini çykardy diýip, «rg.ru» habar berdi. Täze multfilm geljek ýylyň 5-nji fewralynda kinoteatrlara çykar. Onuň ýordumynda Menni, Sid, Diýego, Elli, Bak we dub gozasyny halaýan Skretiň Ýitirilen dünýä howply syýahaty barada gürrüň berilýär. Tapgyryň birinji bölümi 2002-nji ýylda dünýä prokatyna çykyp, 383 mln dollar kassa ýygymyny gazandy hem-de iň gowy animasion film ugry boýunça «Oskar» baýragyna dalaşgärlige hödürlendi. Mutlfilmiň ähli öňki bölümleri dünýä prokatynda jemi 3,2 millard dollar toplady.