Türkiýäniň 1-nji ligasynyň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde geçirilen «Bursaspor» bilen «Siwasspor» toparlarynyň duşuşygynda janköýerler Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdylar. Duşuşyk 22-nji noýabrda Bursa şäherindäki «Bursa Büyükşehir Belediye» stadionynda geçirildi we onda meýdan eýeleri 2:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Türkiýäniň 1-nji ligasynyň «Bursaspor» we «Siwasspor» toparlarynyň duşuşygynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyryldy Türkmen baýdagy bilen birlikde, münberlerde Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döwlet baýdaklary hem göründi. Janköýerler bu hereketiň türki halklaryň doganlygynyň nyşanydygyny bellediler. Duşuşyga stadiondan 38 540 janköýer tomaşa etdi. «Bursaspor» duşuşyga ynamly başlap, 19-njy minutda hasaby açdy. Nigeriýaly hüjümçi Keleçi Iheanaço Barış Göküň pasyndan soň tapawutlandy. Üç minutdan soň ýer eýeleri hasapdaky artykmaçlygyny iki gola ýetirdiler. Iheanaço Soner Aýdogduwa pas berdi, ol bolsa jerime meýdançasynyň çäginden takyk urgy bilen hasaby 2:0-a ýetirdi. Duşuşygyň ikinji ýarymynda gol geçirilmedi. Bu ýeňişden soň «Bursaspor» utuk sanyny 35-e ýetirip, 33 utukly «Kaýserispor» toparyndan öňe geçdi we ýaryş tertibindäki birinji ornuny gaýtaryp aldy. «Siwasspor» bolsa 13 utuk bilen 18-nji orunda ýerleşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→