Düýn Daşkentde «Dostluk köprüsi» atly türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň Ikuo Hiraýama adyndaky Halkara medeniýet kerwensaraýynda geçirilýän sergi Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasy, Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasy we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan bilelikde guraldy. Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, medeni çäre Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar astynda geçýän 2026-njy ýyla, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllygyna bagyşlandy. Daşkent şäherinde «Dostluk köprüsi» atly türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi öz işine başlady Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň ilçisi Şadurdy Meredow, Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň başlygy Аkmal Nuridinow we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow çykyş etdiler. Serginiň çäklerinde türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, milli däp-dessurlaryny, ruhy gymmatlyklaryny we häzirki zaman durmuşyny şöhlelendirýän türkmen suratkeşleriniň eserleri görkezildi. Sergide Türkmenistanyň milli medeniýetiniň esasy nyşanlarynyň biri bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan sungat eserleri aýratyn orun eýeledi. Sergi 28-nji noýabra çenli öz işini dowam eder.