Stambulyň Saryýer etrabyndaky ygyp ýören ýolbarsyň nirededigi belli boldy. Ýörite gulluklar ony diri tutmak üçin iş alyp barýarlar. Bu barada şäheriň gubernatorlygyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. Geçen ýekşenbede şäheriň Uskumrukeý ýaşaýyş mähellesinde ýerli wagt bilen sagat 18:00-da wideogözegçilik kameralary köçede ygyp ýören ýolbarsy bellige aldylar. Şondan soňra onuň gözlegine girişildi hem-de ýaşaýjylara seresap bolmak maslahat berildi. Ýyrtyjyny tutmak işine Türkiýäniň Tebigaty goramak we milli seýilgähler baş edarasy ýolbaşçylyk edýär. Oňa žandarmeriýa, polisiýa we Saryýeriň ýerli tertip-düzgün gullugy gatnaşýarlar.