2026-njy ýylyň 16–21-nji noýabry aralygynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän «Baýramaly» şypahanasynda küşt boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy baýrak ugrundaky ýaryşynyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň (TKF) metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, ýaryşa dürli ýaş toparlaryna we sport taýýarlygynyň dürli derejelerine wekilçilik edýän 212 küştçi gatnaşdy. Türkmenistanyň küşt boýunça Naýbaşy baýragy ugrundaky ýaryşyň nobatdaky tapgyry Mary welaýatynda geçirildi Mary welaýatynda bu ýaryş yzygiderli ikinji ýyl geçirilýär. Ol kem-kemden Türkmenistanyň küşt ýaryşlarynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýär. Şu ýyl açyk derejede 130 küştçi, zenanlaryň arasynda bolsa 82 küştçi bäsleşdi. Ýaryşyň aýratynlyklarynyň biri hem 50 we 60 ýaşdan geçen küştçileriň gatnaşmagy boldy. Türkmenistanyň küşt boýunça Naýbaşy baýragy ugrundaky ýaryşyň nobatdaky tapgyry Mary welaýatynda geçirildi Ýaryşlar şweýsar ulgamy boýunça geçirildi. Her bir oýun üçin 60 minut wagt berlip, her edilen göçüm üçin goşmaça 30 sekunt wagt goşuldy. Açyk derejede ynamly çykyş eden sport ussatlygyna dalaşgär (CM) Şageldi Gurbangurdyýew mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplap, birinji orna mynasyp boldy. Şahruh Turaýew 7,5 utuk bilen ikinji orny eýeledi. Üçünji orny bolsa ýaryşy 7 utuk bilen tamamlan FIDE-niň ussady (FM) Mergen Kakabaýew gazandy. Türkmenistanyň küşt boýunça Naýbaşy baýragy ugrundaky ýaryşyň nobatdaky tapgyry Mary welaýatynda geçirildi Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda Mähri Agamyradowa aýratyn tapawutlanyp, mümkin bolan 9 utukdan 8,5 utuk toplap, ýeňiji boldy. Jennet Ýalkanowa 7 utuk bilen ikinji orny eýeledi. Şonça utuk toplan Ogulsuraý Baýrambaýewa bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Türkmenistanyň küşt boýunça Naýbaşy baýragy ugrundaky ýaryşyň nobatdaky tapgyry Mary welaýatynda geçirildi Türkmenistanyň Küşt federasiýasy ýaryşyň geçirilmegine ýardam berendigi we oňa gatnaşanlar üçin zerur şertleri döredendigi üçin «Baýramaly» şypahanasynyň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→