«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň geçen döwründe 4 million 92 müň tonna golaý uglewodorod çig maly gaýtadan işlenildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Zawodlar toplumynda hasabat döwründe benziniň 1 million 198 müň, dizel ýangyjynyň 1 million 275 müň 600, ulag ýaglarynyň 44 müň 200, suwuklandyrylan gazyň 133 müň 100, nebit ýandyryjy mazudyň 355 müň 800, polipropileniň 42 müň 400, kerosiniň 354 müň 200, nebit bitumynyň 434 müň 500 tonnasy öndürildi. Bu görkezijiler hünärmenleriň degişli meýilnamany abraý bilen ýerine ýetirendikleriniň aýdyň güwäsidir. Kuwwatlylygy ýylda 90 müň tonna polipropilen öndürmäge barabar bolan desgada oturdylan döwrebap tehnologiýalardyr enjamlaryň ählisi dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu ýerde önümiň hiline we berkligine aýratyn üns berilýär. Zawodlar toplumynda bir günüň dowamynda 300 tonna polipropilen zireleri öndürilip, 25 kilogramlyk haltalara gaplanylýar. Harytlyk ýaglary öndürýän we guýýan desgada tejribeli hünärmenleriň 50-ä golaýy zähmet çekýär. Olar bir günüň dowamynda 200 tonna golaý çalgy ýagyny öndürip, gaplamagy başarýarlar. Umuman, kuwwatlylygy ýylda 80 müň tonna önüm öndürmäge mümkinçiligi bolan bu döwrebap desgada ulag ýaglarynyň onlarça görnüşi öndürilýär. 2011-nji ýylyň dekabr aýynda işe girizilen polipropilen haltalary öndürýän desgada-da işleriň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Önümçilik kuwwatlylygy ýylda 10 milliondan gowrak dürli göwrümli polipropilen haltalary öndürmäge mümkinçiligi bolan bu desgada işler barha ilerleýär. Bu ýerde günüň dowamynda göwrümleri 0,25 we 0,9 kub metrlik polipropilen haltalaryň müňlerçesi öndürilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→