Şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Türkmentel-2026» atly halkara sergi hem-de «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara sergisi öz işine başlady. Şu günüň ikinji ýarymynda olaryň çäklerinde degişli ugurlar boýunça halkara ylmy maslahatlar hem geçiriler. Sergilere 300-den gowrak halkara guramasy we daşary ýurt kompaniýasy, şeýle hem 600-den gowrak wekiliýet gatnaşýar. Sergi diwarlyklarynda sanly ykdysadyýet, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary we telekommunikasiýa ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça öňdebaryjy innowasion işläp taýýarlamalar giňden görkezilýär. Aşgabatda «Türkmentel-2026» we «ITTC 2026» atly halkara sergiler öz işine başlady Sergileriň dabaraly açylyş dabarasynda myhmanlar we gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny diňlediler. «Türkmenistan halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, üstaşyr aragatnaşyk akymlaryny ösdürmek, telekommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyr» — diýlip döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär. Serginiň çäklerinde ugurdaş hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we öňdebaryjy halkara tejribäni alyşmaga gönükdirilen «Emeli aňyň we innowasiýalaryň kömegi bilen Türkmenistanyň sanly geljegini kemala getirmek» atly tema boýunça kiberhowpsuzlyk ugurly okuw-türgenleşiklerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Sergi zalynda «Turkmenportal» hojalyk jemgyýeti we «Belet» onlaýn kinoteatry hem öz gazananlaryny görkezýän diwarlyklary bilen çykyş edýärler. Aşgabatda «Türkmentel-2026» we «ITTC 2026» atly halkara sergiler öz işine başlady Işewürlik maksatnamasynyň möhüm wakalarynyň biri «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion bäsleşigiň jemlerini jemlemek we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar. Halkara forumlar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär we olar 26-njy noýabra çenli dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→