«Lebapgazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan 2026-njy ýylyň Milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýat boýunça jemi 44 kilometr 148 metr gaz geçiriji çekildi. Bu görkezijiniň 16 kilometr 118 metri eltiji gaz geçirijileriniň, 28 kilometr 30 metri bolsa içerki gaz geçirijileriniň paýyna düşýär. Ýerine ýetirilen işleriň 63,5 göterimi içerki gaz torlaryna degişlidir. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi. Gaz geçirijileriniň 31 kilometr 732 metri oba ýerlerinde, 12 kilometr 416 metri bolsa şäherlerde we şäherçelerde çekildi. Başgaça aýdylanda, umumy işleriň 71,9 göterimi oba ilatly ýerleriň paýyna düşdi. Oba ýerlerinde gaz üpjünçilik torlaryny ösdürmäge şeýle uly üns berilmegi işleriň diňe iri şäherlerde däl, eýsem, etraplaryň uzakdaky ilatly ýerlerinde-de alnyp barlandygyny görkezýär. Ýylyň başyndan bäri Dänew we Kerki etraplarynyň hersinde çekilen gaz geçirijileriniň uzynlygy 5 kilometrden hem geçdi. Kerki etrabyndaky gaz geçirijileriniň 3 kilometr 900 metrden gowragy Gyzylaýak geňeşliginiň çägindäki täze hojalyklara çekildi. Munuň özi tutuş welaýat boýunça hem iň ýokary görkezijidir. Dänewde bolsa 2 kilometrlik gaz akymy bilen Ýyldyz geňeşligi öňe saýlanýar. Şeýle hem ýylyň başyndan bäri Halaç etrabyndaky hojalyklara 4,8, Çärjew we Farap etraplarynyň hersinde 4,3, Köýtendag etrabynda 3,6, Darganatada 3 kilometr gaz geçirijileri çekildi. Saýatda we Hojambazda çekilen gaz geçirijiler hem 3 kilometre golaýlaýar. Döwletli etrabyndaky gaz geçirijiler 2 kilometrden artyk bolsa, Garabekewül etrabyndaky täze gaz geçirijileriniň uzynlygy 1,5 kilometrden geçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→