Birleşen Milletler Guramasynyň Antalýadaky howa sammiti (COP31) 2009-njy ýylda geçirilip başlan döwrüniň tutuş taryhynda iň uzak dowam eden sammit boldy. Sammitde jemleýji resminama kabul edilmedi. Indi çözülmedik soraglary Bonn şäherinde geçjek aralyk duşuşyklarda, şeýle hem 2027-nji ýylda Addis-Abebede geçjek COP32 sammitinde ara alyp maslahatlaşmakçy bolýarlar. Bu barada «T24» portaly habar berdi. Türkiýäniň Hökümeti duşuşygyň jemleri barada heniz hiç hili beýanat bermedi. Maslahatyň başlygy, ýurduň daşky gurşaw, şähergurluşyk we howa ministri Myrat Kurum sammitiň jemleýji resminamasynyň gutarnykly taslamasy boýunça ylalaşyk gazanylmandygyny habar berdi. Muňa, esasan, gazylyp alynýan ýangyç meselesi babatda dürli garaýyşlaryň bolmagy sebäp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→