UEFA Milletler ligasynyň çärýek finalynyň we geçiş duşuşyklarynyň bije çekilişigi geçirildi. Bu tapgyryň esasy gapma-garşylygy Ispaniýanyň we Fransiýanyň ýygyndylarynyň duşuşygy bolar. Şeýle hem çärýek finalda ýaryşyň häzirki çempionlary bolan portugaliýalylar Hawiniň tälimçilik etmegindäki Niderlandlaryň toparyna garşy oýnar. Çärýek finalyň garşydaş toparlary: Ispaniýa — Fransiýa; Norwegiýa — Angliýa; Niderlandlar — Portugaliýa; Belgiýa — Germaniýa. Mümkin bolan ýarym final jübütleri hem belli boldy. Niderlandlar — Portugaliýa duşuşygynyň ýeňijisi Ispaniýa — Fransiýa oýnunda utan topar bilen duşuşar. Belgiýa — Germaniýa jübütiniň ýeňijisi bolsa Norwegiýa — Angliýa duşuşygynda ýeňen topar bilen oýnar. Ilkinji çärýek final duşuşyklary 2027-nji ýylyň 25-nji martyndan 27-nji marty aralygynda geçiriler, jogap oýunlary bolsa 28-nji martdan 30-njy mart aralygynda bolar. Ýarym finallar 9-njy we 10-njy iýuna meýilleşdirilýär. A we B ligalarynyň arasyndaky geçiş duşuşyklarynda şu aşakdaky garşydaşlar emele geldi: Bosniýa we Gersegowina — Daniýa; Wengriýa — Serbiýa; Irlandiýa — Horwatiýa; Sloweniýa — Wels. B we C ligalarynyň arasyndaky aýgytlaýjy duşuşyklarda şu toparlar oýnar: Kipr — Demirgazyk Makedoniýa; Estoniýa — Rumyniýa; Farer adalary — Gruziýa; Belarus — Ysraýyl. Geçiş duşuşyklarynyň birinji oýny hem 2027-nji ýylyň 25-nji martynda, jogap duşuşyklary bolsa 28-nji martda geçiriler.