Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramçylygynyň mynasyp derejede garşylanylmalydygyny, baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylykly geçirilmeginiň ulular üçinem, çagalar üçinem täsirli bolmalydygyny belledi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadagyň iş saparynyň dowamynda şäheriň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, aýratyn-da, Täze ýyl baýramçylygyny guramaçylykly geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri döwrüň iň soňky innowasiýalaryny özünde jemleýän täze şäherde şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda Arkadag şäherine mahsus ýörelgeleriň şäheriň sazlaşykly ösüşiniň we şäheriň ilatynyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we bu babatda özüniň köpýyllyk tejribesine esaslanýan maslahatlaryny berdi. Baýramçylyk çäreleriniň köpöwüşginli häsiýete eýe bolamalydygyny belläp, Gahryman Arkadag milli senenamada möhüm orny eýeleýän şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň taryhy ähmiýeti bolan wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigini aýtdy. Baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylykly geçirilmegi ulular üçinem, çagalar üçinem täsirli bolmalydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→