Häzirki wagtda Arkadag şäherinde ýurduň hemişelik Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde geçirlen iş maslahatynyň dowamynda şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň maglumatynda bellenilişi ýaly, şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde bagtyýar maşgalalary täze şähere göçürip getirmek boýunça giň möçberli çäreler guralar. Türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny belläp, Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy dabaralarynyň ýatda galyjy pursatlara beslenmegi ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny aýtdy. Aýratyn-da baýramçylyk günlerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynyň guralmalydygyny aýdyp, Gahryman Arkadag bu geçirilýän köpöwüşginli dabaralar şäher ilatyny täze zähmet üstünliklerine we belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrmalydygyny belledi. Gahryman Arkadag kesgitlenen wezipeleriň örän jogapkärçilikli ýerine ýetirilmelidigini belläp, iş maslahatyny jemledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→