Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda döredilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde we GDA-nyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny belledi hem-de bu ugurda Gahryman Arkadagyň uly goşandyny aýtdy. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurduň yzygiderli ösýändigini, ähli ulgamlarda, şol sanda ykdysadyýet we ulag-logistika ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Gahryman Arkadag hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlykly etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýändigini mejlisiň gün tertibine birnäçe möhüm meseleleriň girizilendigini belledi hem-de bu mejlisiň Arkalaşykda parlament hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boljakdygyna ynam bildirdi. Mejlisde ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika, infrastruktura hem-de ýurtlaryň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleri ýaly wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin mümkinçiligiň boljakdygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.