Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Awazada türkmen halkynyň Milli Lideriniň GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri geçip barýan ýylyň jemlerine iki ýurduň parlamentleriniň hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan örän oňyn we netijeli diýip baha berdi. Şeýle hem Gahryman Arkadag 2027-nji ýylda möhüm wakanyň – Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygynyň belleniljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň dostluk we hyzmatdaşlyk toparlarynyň ýörite bilelikdäki mejlisini geçirmek, onda bu senä bagyşlanylan çäreleri geçirmek, olara iki ýurduň parlamentarileriniň gatnaşmagy we şunuň bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak barada teklibi beýan etdi. Gahryman Arkadag bu meselä seretmegi we ylalaşylan ýagdaýynda degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklaryna ýokary baha berildi hem-de syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin zerur bolan tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→