«Ýyldyz» myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onda taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň geljegini hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada THP habar berýär. Duşuşyk iki ýurduň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary, ylmy-tehniki özara hereketleri we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri üns merkezinde boldy. Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge hem-de bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Mejlisiň jemleri boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→