Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen bilelikde 19–20-nji noýabrda «Emeli aň: Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak boýunça mümkinçilikler, töwekgelçilikler we kepillikler» atly okuw maslahatyny geçirýär. BMGÖM-niň metbugat üçin ýaýradan maglumatynda bellenilişi ýaly, çäre döwlet gullukçylarynyň adam hukuklaryny we kanunyň hökmürowanlygy ýörelgelerini berjaý etmek bilen emeli aňdan (EA) jogapkärçilikli peýdalanmak babatdaky mümkinçiliklerini we hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. BMGÖM Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin emeli aňdan jogapkärçilikli peýdalanmak boýunça okuw maslahatyny geçirýär Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, Ýokary kazyýetiniň, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň (Ombudsmeniň) diwanynyň, beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, aklawçylar birleşiginiň, şeýle hem ýurduň ylmy we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Okuwlar BMGÖM-niň Stambul şäherindäki Sebitleýin merkeziniň halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilýär. BMGÖM Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin emeli aňdan jogapkärçilikli peýdalanmak boýunça okuw maslahatyny geçirýär Okuw maslahatynyň dowamynda döwlet dolandyryşynda, kazyýet ulgamynda, diplomatiýada we adam hukuklaryny goramak boýunça işlerde emeli aňy ulanmagyň mümkinçiliklerine we töwekgelçiliklerine garalýar. Emeli aňdan peýdalanmagyň etiki taraplaryna, şahsy maglumatlary goramaga, kemsitmeleriň öňüni almaga, aýdyňlygy üpjün etmäge we kabul edilýän çözgütler babatda adamyň gözegçiligini saklamaga aýratyn üns berilýär. Maksatnama, şeýle hem emeli aňy düzgünleşdirmek we dolandyrmak boýunça halkara çemeleşmeleri, täze tehnologiýalardan jogapkärçilikli peýdalanmagy ilerletmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki başlangyçlaryny öz içine alýar. BMGÖM Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin emeli aňdan jogapkärçilikli peýdalanmak boýunça okuw maslahatyny geçirýär Okuw maslahatynyň amaly bölümi emeli aňyň adam hukuklaryna ýetirýän täsirine baha bermek, bolup biljek töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we hukuklary goramagyň institusional mehanizmlerini işläp düzmek meselelerine bagyşlanýar. Mundan başga-da, hünär işinde generatiw emeli aňdan howpsuz we jogapkärçilikli peýdalanmagyň ýörelgelerine garalýar. BMGÖM-niň Sebitleýin edarasynyň kanunyň hökmürowanlygy, howpsuzlyk we adam hukuklary meseleleri boýunça maksatnama hünärmeni Aýnura Bekkoýenowa bu barada şeýle belledi: «Emeli aň döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we döwlet hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şol bir wagtyň özünde, ony ulanmak adam hukuklaryny goramak, aýdyňlyk we hasabatlylyk boýunça ygtybarly kepillikler bilen utgaşmalydyr. Biziň wezipämiz döwlet gullukçylaryna bu tehnologiýalardan jogapkärçilikli peýdalanmak üçin zerur bilimleri we amaly başarnyklary edinmäge ýardam bermekden, sanly özgertmeleriň merkezinde adamyň durmagyny üpjün etmekden ybaratdyr». BMGÖM Türkmenistanyň sanly özgertmeleri ilerletmek, institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, şeýle hem netijeli, ähli gatlaklary öz içine alýan we adamyň bähbitlerine gönükdirilen döwlet dolandyryşyny ösdürmek boýunça tagallalaryna goldaw bermegini dowam etdirýär.