Monako Knýazlygynyň Milli baýramy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Monakodaky ilçisi M. Çaryýew bilen Monakonyň Daşary gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri Izabel Berro-Amadeýiň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Monakonyň Şazadasy Alber II Türkmenistana resmi sapar bilen çagyryldy Duşuşygyň dowamynda türkmen diplomaty Monakonyň tarapyny milli baýramy bilen gutlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň Monakonyň Şazadasy Alyhezretleri Alber II-ä iberen gutlag hatyny ministre gowşurdy. Şeýle hem duşuşykda Şazada Alber II özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrmak baradaky teklip tassyklanyldy. Taraplar 2025-nji ýylda bolup geçen saparlaryň netijelerine aýratyn üns berdiler. Şol ýylyň ýanwar aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakoda saparda bolup, Şazada Alber II bilen duşuşdy. Aprel aýynda bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O. Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bu dialogy dowam etdirdi. Taraplaryň bellemegine görä, ýanwar aýynda geçirilen duşuşyk ýokary derejedäki syýasy dialoga täze itergi berdi, aprel aýyndaky sapar bolsa ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi. Şeýle hem özara saparlary dowam etdirmek barada ylalaşyldy. Monakonyň Şazadasy Alber II Türkmenistana resmi sapar bilen çagyryldy Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleri geçirmek, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysady ulgamda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, şeýle hem Monakonyň wekilleriniň Türkmenistanda geçirilýän maýa goýum we pudaklaýyn forumlara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy. Medeni-ynsanperwer ulgamda medeniýet günlerini geçirmek, sport we atçylyk ugurlaryndaky alyş-çalyşlary ösdürmek, şeýle hem «Galkynyş» at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilýän Halkara sirk festiwalyna mundan beýläk-de gatnaşmagyny dowam etdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.