«Pew Research Center» ylmy-barlag merkeziniň çaklamasyna görä, 2035-nji ýyla çenli dünýäde musulmanlaryň sany hristianlardan ozdurar. Bu barada «NUR.KZ» habar berdi. Alymlar netijede, yslamyň iň köp eýerijili din boljakdygyny çaklaýarlar hem-de muny musulmanlaryň arasynda çaga dogluşynyň ýokary görkezijisi bilen baglaýarlar. «Pew Research Center» merkeziniň maglumatlaryna laýyklykda, 2020—2025-nji ýyllarda çaga dogluşyň görkezijisi bir musulman zenana degişlilikde 3,1 çaga deň bolan bolsa, hristian zenana 2,5 çagadan düşüpdir. Beýleki dini toparlaryň arasynda dogluşyň derejesi 1,6 görkezijide saklanypdyr, bu her bir nesilde köpelmek üçin zerur bolan 2,1 derejeden pesdir. Çaklama görä, 2035-nji ýylda dünýäde musulmanlaryň sany 2,57 mlrd, hristianlar — 2,52 mlrd, 2070-nji ýylda bolsa aratapawut 0,6 milliard adama deň bolar.