Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň (GDA PA) ýanynda synçy derejesi berildi. Degişli karar 19-njy noýabrda Türkmenistanyň çäginde geçirilen GDA PA-nyň göçme mejlisiniň çäklerinde, Assambleýanyň Geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Mejlise Geňeşiň başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko ýolbaşçylyk etdi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär. Walentina Matwiýenko bu karary Assambleýanyň taryhynda möhüm waka hökmünde häsiýetlendirdi. Ol Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa hem-de deputatlara ýüzlenip, türkmen parlament wekilleriniň indi uly parlament maşgalasynyň bir bölegine öwrülendigini belledi. «Siziň ýüzlenmegiňizi makullaýarys, synçy derejesine eýe bolmak baradaky karar kabul edildi. Indi hyzmatdaşlygymyzyň has giň gerimli, netijeli we oňyn boljakdygyna umyt edýäris» diýip, Federasiýa Geňeşiniň Başlygy aýtdy. Mundan öň, Dünýägözel Gulmanowa bilen geçirilen duşuşykda Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň synçy derejesine eýe bolmagy baradaky ädimiň eýýäm köp wagt bäri zerurdygyny nygtapdy. Ol bu ýagdaýy Aşgabat şäheriniň GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň işiniň hem-de Arkalaşygyň umumy ösüşiniň öňe ilerlemegine goşýan möhüm goşandy bilen düşündirdi. Onuň aýtmagyna görä, bu çözgüt diňe bir Russiýa bilen däl, eýsem, GDA PA-nyň ähli agza döwletleri bilen parlamentara gatnaşyklary berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Walentina Matwiýenko Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýokary derejede, hökümetleriň hem-de parlamentleriň derejesinde yzygiderli syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny, parlamentara hyzmatdaşlygyň mehanizmleriniň bolsa yzygiderli kämilleşdirilýändigini hem belledi. Şeýle-de, Russiýanyň türkmen halkynyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatyna çuňňur hormat goýýandygyny aýtdy.