5-nji dekabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň eserlerinden düzülen simfoniki konsert geçiriler. Konserte Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Simfoniki orkestri gatnaşar. Orkestre Döwletmämmet Ökdirow we Eziz Jumanyýazow dirižýorlyk ederler. Şeýle hem konsertiň maksatnamasyna Türkmenistanyň at gazanan artistleri Aşyr Aşyrowyň we Gulgeldi Gatyýewiň çykyşlary giriziler. Goşmaça maglumatlary +993 61 23 52 34 telefon belgisi arkaly alyp bilersiňiz.