Keniýada azyk kynçylyklaryny düýe süýdi arkaly çözýärler. Ýerli fermerler sebitdäki guraklyk sebäpli «çöl gämilerini» köpeldýärler diýip, «MIR 24» habar berýär. Sygyrlaryň baş sanynyň gyrlyp gutarmagyndan we suwuň umumy ýetmezçiliginden soňra Samburu etrabynyň ýaşaýjylaryny düýeler halas etdiler. Okrugyň hökümeti iki oba 150 baş düýe paýlap berdi. Olar diňe yssa çydamly bolman, günde alty litre çenli süýt berýärler. «Düýeler suw gözleginde uzak aralygy geçip bilýärler hem-de uzak wagtlap suwsuz oňýarlar. Onsoňam olar köp süýt berýär, bu maňa ogullarymy eklemäge ýetýär» diýip, maldar Nerparle Osoni gürrüň berýär. Ýeri gelende aýtsak, düýe süýdi sygyr süýdünden üç esse gymmat. Ol ýeňil özleşdirilýär we düzüminde ýag az bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→