18–19-njy noýabrda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Filippin Respublikasynyň Manila şäherinde geçirilýän Çagalara garşy zorlugyň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak boýunça Ikinji ählumumy ministrler maslahatyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrligi habar berýär. Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Daşary işler ministrliginiň, Ýokary kazyýetiň we Baş prokuraturanyň wekilleri girýär. Maslahatyň umumy mejlislerinde we tematik mejlislerinde çagalary goramak boýunça milli ulgamlary kämilleşdirmek, zorlugyň öňüni almak we oňa garşy dessin çäre görmek mehanizmlerini pugtalandyrmak, saglygy goraýyş, bilim we durmuş taýdan goramak ulgamlarynyň ornuny ýokarlandyrmak, şeýle hem ene-atalary we maşgalalary goldamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çagalaryň we ýetginjekleriň ruhy saglygyny goramak, olaryň sanly giňişlikdäki howpsuzlygyny üpjün etmek, pudagara we pudaklaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem çagalary goramak boýunça maksatnamalary durnukly maliýeleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Maslahat tejribe alyşmak, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we Durnukly ösüş maksatlaryna, hususan-da, çagalara garşy zorlugyň ähli görnüşlerini aradan aýyrmagy göz öňünde tutýan 16.2 wezipäni durmuşa geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin möhüm halkara meýdança öwrüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→