Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasy Marlen Mamataliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşygyň dowamynda halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, birek-biregiň çärelerine wekilleriň gatnaşmak, wekiliýetleriň saparlaryny guramak hem-de duşuşyklary geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy. Habarda bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidir. Bellenilişi ýaly, ki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Duşuşykda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki maslahatynyň ikitaraplaýyn hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere çykmagyna oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→