«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini goldamagyň parlament diplomatiýasynda möhüm orun tutýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki maslahatynyň ikitaraplaýyn hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykmagyna oňyn täsir etjekdigi barada aýdyldy. Taraplar döwletara gatnaşyklarynda halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmegi goldamak babatda parlamentara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegini goldaýandyklaryny beýan etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde iki ýurduň arasyndaky parlamentara dostluk toparlarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň esasy wezipeleriň hatarynda durýandygyny bellediler. Duşuşykda zenan parlamentarileriň, ugurdaş komitetleriň hem-de ýaş parlamentarileriň arasyndaky dialogy güýçlendirmegiň, özara tejribe alyşmagyň kanunçykaryjylyk we parlament işini has-da baýlaşdyrjakdygyna üns çekildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→