«Adam» (human) sözi Kembrijiň sözlügi tarapyndan 2026-njy ýylyň iňlis sözi hökmünde yglan edildi. Neşiriň habaryna görä, emeli aňyň barha artýan täsiri astynda adam bolmagyň nämäni aňladýandygy barada garaýşyň üýtgeýändigi bilen baglylykda şeýle netijä gelindi. Bu barada «news.rambler.ru» habar berdi. Leksiograflaryň bellemegine laýyklykda, şeýle kesgitleme emeli aňyň adamlar bilen maşynlaryň arasyndaky serhetleri bozýan häzirki döwründe täze mana eýe boldy. Emeli aňyň gündelik durmuşa barha çuň aralaşýan, adamlaryň öňdebaryjy tehnologiýalara garaşly bolýan wagty adamyň öz orny howp astynda galýar. Emma aslynda bu beýle däldir diýip, sözlügiň wekilleri nygtaýarlar. «Cambridge University Press» edarasynyň agzasy Françeska Wudword EA-nyň ökgunly ösýan wagty adamzadyň heläk bolmagyna getirip biljekdigi barada howsalaly çaklamalaryň goýnunda bu söz wagtyň ruhuny açyp görkezýär diýip hasaplaýar. Dilçi zenan bu barada: «Adamlar hut adam bolmagyň nämedigini özlerine ýatlatmakçy bolýarlar» diýýär. Dilçiler şunuň bilen birlikde iňlis dilinde «human» sözüniň işiň EA däl-de, adam tarapyndan ýerine ýetirilendigini nygtamak üçin söz düzüminde ýygy-ýygydan ulanýandygyna ünsi çekýärler (mysal üçin, human-written («adam tarapyndan ýazylan», human-generated («adam tarapyndan generirlenen», human-made («adam tarapyndan ýasalan»).