Türkiýe Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň başlygy, goşun generaly Selçuk Baýraktaroglu resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Bu barada Türkiýäniň Ýaragly Güýçleriniň sosial ulgamlardaky resmi sahypasynda habar berilýär. Türkmenistana saparynyň çäklerinde general Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, ýurduň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebeji we harby attaşesi, polkownik Sedat Gyrmyzy bilen duşuşdy. Türkiýäniň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň başlygy Aşgabatda saparda bolýar Mundan öň Selçuk Baýraktaroglu daşary ýurt saparynyň çäklerinde Özbegistanda bolup, bu ýurduň harby edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.