Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we nyrh müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşykda gümrük gullugynyň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak, bu ugurda tejribe alyşmak, şeýle hem okuwlary guramagyň usullaryny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem ýapon tarapy tarapyndan teklip edilen «Tälimçileri taýýarlamak» (Training of Trainers – ToT) okuw maksatnamasynyň mazmuny we ony guramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda maksatnamanyň amaly häsiýetine, okuw sapaklaryny geçirmegiň usullaryna we gatnaşyjylaryň tejribe alyşmak arkaly hünär derejesiniň kämilleşdirilmeginiň mümkinçiliklerine garaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→