17-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary we olaryň düzümleri bilen durmuşa geçirýän ähmiýetli işleri, ýurduň toplan oňyn tejribeleri barada nygtalyp geçildi. Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar şeýle hem yzygiderli iş duşuşyklarynyň geçirilmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin täsirli gural bolup durýandygyny nygtadylar. Taraplar hyzmatdaşlygyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň orny barada hem aýratyn nygtaldy diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→