Türkmen türgenleri Astanada geçirilen kuraş boýunça 15-nji dünýä çempionatynda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Žaksylyk Üşkempirow adyndaky başa-baş söweş sungaty köşgünde geçirilen ýaryşa 67 ýurtdan 192 pälwan gatnaşdy. Olar erkekleriň we zenanlaryň arasynda hersi sekizden, jemi 16 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde alty türgen (iki zenan we dört erkek), tälimçi hem-de emin wekilçilik etdi. 90 kilograma çenli agram derejesinde 15 türgeniň arasynda çykyş eden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Ylham Kemalow kümüş medal gazandy. Ol finala barýan ýolunda türkiýeli Melih Topçuny we Russiýanyň wekili Sarkis Koçarýany möhletinden öň ýeňdi. Ýarym finalda bolsa duýduryşlar boýunça gazagystanly Beýbarys Nugmanowy ýeňlişe sezewar etdi. Jemleýji tutluşykda türkmen pälwany täjigistanly Haknazar Nazarowdan asgyn geldi. 66 kilograma çenli agram derejesinde 16 türgeniň arasynda çykyş eden Gadyr Agamämmedow bürünç medala mynasyp boldy. Ol ilkinji tutluşygynda Ýewropa çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi, türkiýeli Denizhan Arany möhletinden öň ýeňdi. Soňra Russiýanyň wekili Daniil Gawrilowdan üstün çykdy. Ýarym finalda bolsa geljekki dünýä çempiony, täjigistanly Sarwar Abdüşükurowdan ýeňildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň baş sekretary Döwletgeldi Tejenow dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda geçirilen halkara eminler seminarynda synaglardan üstünlikli geçip, ikinji derejeli halkara emin derejesine eýe boldy. Oňa ýaryşyň tutluşyklaryna eminlik etmäge rugsat berildi. Guşakly göreş Merkezi Aziýada dörän, türki halklaryň gadymy milli göreş görnüşidir. Onuň taryhy üç müň ýyla uzalyp gidýär. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA) düzümine 118 sany milli federasiýa girýär. Olaryň 32-si Aziýa, 22-si Afrika, 33-si Ýewropa, 22-si Demirgazyk we Günorta Amerika, 9-sy bolsa Okeaniýa ýurtlaryna degişlidir. Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatlary 1999–2002-nji ýyllarda her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa iki ýylda bir gezek geçirilýär. 14-nji dünýä çempionaty 2023-nji ýylda Aşgabatda geçirildi. Şonda türkmen türgenleri bäş altyn, alty kümüş we dört bürünç medal, jemi 15 medal gazandylar. Ilkibaşda häzirki dünýä çempionatyny 2025-nji ýylda Eýranda geçirmek meýilleşdirilipdi. Emma sebitdäki durnuksyz ýagdaý sebäpli ýaryşy Gazagystanda geçirmek kararyna gelindi.