Günorta Afrika Respublikasynda alymlar dinozawryň täze görnüşini açdylar diýip, «ont.by» neşiri habar berdi. Süýreniji bu sebitde takmynan 200 million ýyl öň ýaşapdyr. Tapylan ystyhan üç ýaşly jandara degişlidir. Oňa «Nyana rooiwalensis» diýip at berdiler. Ol soňra äpet uzyn boýunly dinozawra çenli ösüş ýoluny geçen iki aýakly ot iýýän süýrenijilere degişli bolupdyr. «Nýana» öz döwürdeşlerinden has uly bolupdyr.