Täjigistanyň Hökümeti erkin söwda zolagy baradaky Ylalaşyga goşulmadyk ýurtlardan getirilýän nebit önümleriniň we nebit gazlarynyň importy üçin gümrük salgytlarynyň nyrhyny nol derejede kesgitledi. Şol ýurtlaryň hataryna Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan hem girýär. Bu çäre 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder. Degişli karar 10-njy noýabrda kabul edildi we 13-nji noýabrda «Jumhuriyat» atly resmi gazetde çap edildi. Gümrük ýeňilligi benzine, dizel ýangyjyna, suwuklandyrylan gaza we beýleki nebit önümlerine degişli bolup, çig nebiti öz içine almaýar. Bu çözgüt üçünji ýurtlardan önüm iberijiler üçin täze mümkinçilikleri döredýär hem-de olaryň Täjigistanyň bazaryna has amatly şertlerde çykmagyna ýol açýar. Täjigistan üçin bu täze düzgün ýangyç üpjünçiliginiň geografiki çäklerini giňeltmäge we içerki bazaryň durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilendir. Ýatladyp geçsek, şu ýylyň tomus aýlarynda ýurtda ýangyç üpjünçiliginde bökdençlikler ýüze çykyp, bahalaryň ýokarlanmagy hasaba alnypdy. Türkmenistan üçin bolsa gümrük salgytlarynyň ýatyrylmagy nebit önümlerini we suwuklandyrylan gazy Täjigistanyň bazaryna eksport etmekde has amatly şertleri döredýär. Şeýlelikde, bu çözgüt iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýangyç-energetika pudagyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.