«Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki nahar duzuny öndürýän «Guwlyduz» kärhanasynyň Hazar deňziniň kenarynda iş alyp barýan meýdançasy diňe öz ýurtda däl, bütin dünýäde-de duzuň iň köp gorlarynyň jemlenen mesgenleriniň biridir. Bu ýerde geçen 10 aýda gazylyp alnan duzuň mukdary 81 müň 596 tonnadan gowrak boldy. Munuň özi ýylyň başyndan bäri däneli duzuň meýilnamada görkezilen 70 müň 480 tonnasyna derek, 72 müň 530 tonnasynyň öndürilip, tabşyrygyň 102,9 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Hasabat döwründe bu gymmatly önümi gaplamakda-da uly sepgitlere ýetildi. Ýylyň başyndan bäri 20 müň 387 tonnadan gowrak nahar duzunyň öndürilmegi buýsançly hakykatdyr. Şeýlelikde, kärhana boýunça bu baradaky meýilnama 101,7 göterime barabar boldy. Etrabyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kärhanasynyň ykdysady hem-de maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli gowulandyrylmagy balkanly duzçularyň gazanýan üstünliklerinde esasy orny eýeleýär.