Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 16-17-nji noýabrda Omanyň Soltany Heýsam bin Tarik Al Saidiň çakylygy boýunça bu ýurda döwlet saparyny amala aşyrar. Maskat şäherinde bolmagyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikler, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar hem-de beýleki çäreler geçiriler. Öňde duran saparyň gün tertibine özbek-oman gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak, söwda, maýa goýum we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem medeni-gumanitar we syýahatçylyk alyşmalaryny işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň we ylalaşyklaryň giň toplumyna gol çekiler diýip, «Daryo.uz» habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→