Aşgabat şäherindäki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda XX asyryň görnükli kompozitory Dmitriý Şostakowiçiň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Ol gabaw astyndaky Leningradda ýaňlanan we şondan soň «Leningrad simfoniýasy» diýlip atlandyrylan ýedinji simfoniýanyň awtorydyr. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Konserti halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Enejan Nuryýewa «Gögeýin» kinofilminden «Noktýurn» eseri bilen açdy. Aşgabatda Dmitriý Şostakowiçiň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow we ýaş pianinoçy Amannazar Arslanow Dmitriý Şostakowiçiň iň meşhur eserleriniň biri bolan fortepiano we orkestr üçin ikinji konsertini ýerine ýetirdiler. Aşgabatda Dmitriý Şostakowiçiň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi Şu ýylky Delfiý oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Seýran Atanyýazow hem-de Jemal Tahyrowa iki skripkadan ybarat bolan ikilikde çykyş etdiler. Olar Dmitriý Şostakowiçiň bäş sany eserini – «Prelýudiýa», «Gawot», «Elegiýa», «Wals» we «Polka» eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konsertde Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky konserwatoriýanyň kirişli orkestri hem çykyş etdi. Sazandalar öz liriki öwüşgini bilen özüne çekýän «2-nji walsy» ýerine ýetirdiler. Bu eser köplenç «Rus walsy» diýlip hem atlandyrylýar. Konsertiň konsertmeýsteri halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowa boldy.