Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Gülnabat Gurdowa 10–17-nji noýabr aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Miçigan ştatynda geçirilen «Bilim edaralaryny dolandyrmakda strategik hyzmatdaşlyk we liderlik» atly halkara maksatnama gatnaşdy. Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, maksatnama bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini, şeýle hem on ýurduň, ýagny Türkmenistanyň, Indoneziýanyň, Serbiýanyň, Ruandanyň, Meksikanyň, Bolgariýanyň, Filippinleriň, Pakistanyň, Papua — Täze Gwineýanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Halkara maksatnama bilim edaralarynyň wekilleriniň arasynda hünär tejribesini alyşmak, dolandyryş ulgamyndaky innowasion çemeleşmeleri öwrenmek we ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança boldy. Hünär tejribesini alyşmagyň çäklerinde gatnaşyjylar Miçigan ştatynyň ýokary okuw mekdeplerine, şol sanda Lourens tehnologik uniwersitetine (Lawrence Technological University) baryp gördüler. Uniwersitetleriň ýolbaşçylary, akademiki jemgyýetçiligiň wekilleri we bilim ulgamynyň hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyklarda ýokary okuw mekdeplerini netijeli dolandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyň strategiýalary hem-de uniwersitetleriň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→