Aşgabat şäherindäki A. S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki orta mekdebiniň matematika mugallymy Aman Rozyýew «GDA-nyň mugallymlar ligasy — 2026» atly halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy. Bu bäsleşige mugallym ikinji gezek gatnaşýar. Baş baýraga Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Belarusdan, Täjigistandan, Özbegistandan, Türkmenistandan we Ermenistandan rus dili we edebiýaty mugallymlary hem-de dürli okuw dersleri boýunça mugallymlar dalaş etdiler. Aman Rozyýew mekdebe wekilçilik edip, «Ders mugallymy» ugry boýunça bäsleşdi. Ol saýlama tapgyryndan üstünlikli geçip, soňra Moskwa şäherinde geçirilen jemleýji gönümel gatnaşmak tapgyrynda çykyş etdi. Mekdebiň terbiýeçilik işleri boýunça müdiriň orunbasary Ýelena Ter kärdeşiniň ýola düşmezinden öň geçirilen mugallymlaryň geňeşinde ýeňiş bilen dolanyp geljekdigini wada berendigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Aman Rozyýew beren wadasynda tapyldy. Mugallymyň sypaýylygynyň we sadalygynyň aňyrsynda bolsa içki güýç-kuwwat hem-de ussatlyk bar. Mugallymyň gazanan üstünligi barada A. S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki umumybilim berýän orta mekdebiniň agza bolup durýan Daşary ýurtlardaky rus mekdepleriniň assosiasiýasy habar berdi. Assosiasiýa Russiýanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Halkara hyzmatdaşlyk merkeziniň başlangyjynyň esasynda döredildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→