Futbol boýunça Ýaponiýanyň milli ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Braziliýanyň ýygyndysyndan üstün çykdy. Singapurda geçirilen oýun ýapon futbolçylarynyň 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýaponiýanyň düzüminde Takefusa Kubo (15-nji minutda), Keýto Nakamura (19-njy minutda) we Tasuhiro Sakamoto (90+1-nji minutda) gol geçirdi. Braziliýanyň düzüminde bolsa Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Wini­sius Žunior iki gezek (33-nji we 75-nji minutlarda) tapawutlandy. Şeýlelikde, ol bäş duşuşykdan bäri dowam edip gelýän golsuz tapgyryny tamamlady. Başga bir ýoldaşlyk duşuşygynda Argentinanyň milli ýygyndysy Urugwaýdan asgyn geldi. Buenos-Aýresde geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşygyň 48-nji minutynda ýer eýeleriniň goragçysy Leonardo Balerdi pökgini öz derwezesine girizdi. 53-nji minutda urugwaýly Maksimiliano Arauho hem tapawutlandy. Argentinanyň ýygyndysynyň ýeke-täk goluny bolsa Hulian Alwares 73-nji minutda geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→