Futbol boýunça Gazagystanyň ýygyndysy UEFA-nyň 2026/27-nji ýyl möwsüminiň Milletler ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bäşinji duşuşygynda Moldowanyň ýygyndysyndan ýeňildi we ýokary diwizi­ona çykmak mümkinçiligini ýitirdi. C ligasynyň 3-nji toparçasynyň çäklerinde Kişinýowda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňiji toparyň düzüminde Petru Popesku iki gezek — 39-njy we 77-nji minutlarda tapawutlandy. Gazagystanyň ýygyndysynyň ýeke-täk goluny bolsa Islam Çesnokow 51-nji minutda geçirdi. Bäş tapgyrdan soň Gazagystanyň ýygyndysy 2 utuk bilen toparçada iň soňky, dördünji orny eýeleýär. 11 utuk bilen Slowakiýanyň ýygyndysy öňdeligi saklaýar. Ol soňky duşuşygynda Farer adalarynyň ýygyndysy bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Moldowa 7 utuk bilen ikinji, Farer adalary bolsa 5 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär. 16-njy noýabrda geçiriljek jemleýji tapgyrda Moldowanyň ýygyndysy myhmançylykda Farer adalarynyň topary bilen duşuşar, Gazagystan bolsa Slowakiýany kabul eder. Gruziýa toparçada ikinji orny eýelemek mümkinçiligini ýitirdi Ýaryşyň başga bir duşuşygynda Gruziýanyň ýygyndysy Wengriýadan 0:2 hasabynda ýeňildi. B liganyň 2-nji toparçasynyň çäklerinde Tbiliside geçirilen duşuşykda 73-nji minutda gruziýaly goragçy Laşa Dwaly pökgini öz derwezesine girizdi. 85-nji minutda bolsa Barnabaş Warga wengerleriň artykmaçlygyny iki gola çykardy. Şeýlelik bilen, iki utuk toplan Gruziýanyň ýygyndysy toparçada ikinji orny eýelemek we A ligasyna çykmak ugrundaky geçiş duşuşyklaryna gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi. Toparyň beýleki duşuşygynda Demirgazyk Irlandiýanyň ýygyndysy Ukrainany 1:0 hasabynda ýeňdi we 11 utuk bilen toparçada öňe saýlandy. Wengriýa 10 utuk bilen ikinji, Ukraina bolsa 4 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär. 17-nji noýabrda geçiriljek jemleýji tapgyrda Gruziýanyň ýygyndysy Slowakiýanyň Koşise şäherinde Ukraina bilen duşuşar. Wengriýa bolsa Demirgazyk Irlandiýanyň ýygyndysyny kabul eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→